Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde liderligi saklaýar
10:20 25.06.2021 8185
Hytaý 2021-nji ýylyň aprelinde 4 milliard 227 million kub metr tebigy gazyny import etdi. Bu 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 800 mln kub metr köpdür. Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 576 million kub metr tebigy gazyny iberdi we gaz eksport edijileriň arasynda birinji orny eýeledi. Aprel aýynda gazgeçiriji arkaly Hytaýa esasy gaz eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra ikinji orunda Gazagystan (617 million kub metr), Russiýa (487 million kub metr), Mýanma (318 million kub metr) we Özbegistan (229 million kub metr) girdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň baş müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň “Interfaks” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Şu ýylyň maý aýynda Hytaý 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilen döwründen bäri 300 mlrd kub metr türkmen «mawy ýangyjyny» eksport etdi.
Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý gaz pudagynda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Iýun aýynda Türkmenistan Hytaý tarapyndan 8 mlrd amerikan dollaryndan gowrak karzyny doly yzygna gaýtardy. Bu karz serişdeleri dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň gurluşygyna we özleşdirilmegine gönükdirildi. Geçen hepde-de CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd hytaý kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary gurmak barada halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanandygy belli boldy. 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, kompaniýanyň hyzmatynyň tölegleri HHR-e üç ýylyň dowamynda her ýylda 17 mlrd kub metr tebigy gaz ibermegiň hasabyna geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi
Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.