Özbegistan satyjydan «Gazpromdan» türkmen gazyny satyn alyja öwrüldi

10:07 25.06.2021 7152

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2445/original-160d1977a845d8.jpeg

Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna 2018-nji ýylda 3 milliard 800 million kub metr tebigy gazy satdy. 2019-njy ýylda Özbegistan satýan gazynyň mukdaryny 4 milliard 900 million kub metre çenli artdyrdy. 2020-nji ýylda bolsa rus kompaniýasyna gaz satmagyny doly togtatdy. Ýakynda ýaýradylan resminamalar 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde hem özbek gazynyň rus kompaniýasyna satylmandygyny tassyklaýar.

Mundan başga-da, “Gazprom” 2020-nji ýyldan bäri Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady. Iberilen tebigy gazyň mukdary 2020-nji ýylda 0,9 milliard kub metre, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 1 milliard 500 million kub metre barabar boldy.

Özbegistan rus kompaniýasyndan 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde özüniň Hytaýa eksport eden gazyndan (0,54 milliard kub metr) üç esse köp türkmen gazyny satyn aldy.

Maý aýynda özbek gazy bilen ýüze çykan ýagdaýy teswirlän “Gazprom” müdirliginiň başlygynyň orunbasary, “Gazprom eksport” kompaniýasynyň baş müdiri Ýelena Burmistrowa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki wagtda örän çalt depginde ösýändigini we Özbegistanda gazyň sarp edilişiniň ýokarlanýandygyny belläp, şol sebäpden kompaniýanyň sebitden, esasan hem, Özbegistandan satyn alýan tebigy gazynyň mukdaryny azaldýandygyny aýtdy.

“Gazprom” 2019-njy ýylda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlady. Şol ýyl Rus kompaniýasy  Türkmenistandan 4 milliard kub metr tebigy gazy satyn aldy. 2020-nji ýylda türkmen gazynyň “Gazprom” kompaniýasyna satylan mukdary 4 milliard 700 kub metre (Özbegistana iberilen gazy hasaba almak bilen) çenli ýokarlandy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa Türkmenistandan satyn alnan gazyň mukdary geçen ýylky 1 milliard 300 million kub metrden 2 milliard 200 million kub metre çenli artdy.

«Gazpromyň» Gazagystandan satyn alýan gazynyň möçberleri hem azalýar — 2018-nji ýylda 12,6 mlrd kub metrden 2019-njy ýylda 11,6 mlrd kub metre we 2020-nji ýylda 5,7 mlrd kub metre ýetdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ibermeler 0,6 mlrd kub metre çenli aşaklady (2020-nji ýylyň degişli döwründe 2,2 mlrd kub metr), diýlip habarda aýdylýar.

Başga makalalar
16213368c5d4c9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.


164abe48ce80f0.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy

Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.


1669e8e2d79f3b.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.


168258238a10cf.webp
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.


16826dbbec67a1.jpg
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi

Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.