Türkmenistanyň Prezidenti we SOCAR-yň ýolbaşçysy Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini maslahatlaşdylar
10:25 29.06.2021 7320
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.
Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde energetika babatda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetli waka öwrüldi. Mundan başga-da bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär.
Ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine uly üns berýän ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi
Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.