Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine baryp gördi

09:16 30.06.2021 19171

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2471/original-160d99997a3d01.jpeg

Geçen ýekşenbe güni ýudumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi. Bu çärelere 27-nji iýunda resmi sapar bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.

Bu ýerde nebitgaz toplumynyň, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika, dokma senagaty, gurluşyk hem-de binagärlik, söwda hem-de daşary-ykdysady aragatnaşyklar pudaklarynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onlarça hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary giňden görkezilýär. Şunda, täze tehnologiýalara, innowasiýalara möhüm ähmiýet berildi. Munuň özi ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aňladýar.

Sergide ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň, şol sanda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň önümleri möhüm orun eýeleýär. Bu bölümler milli hem-de halkara möçberdäki iri energetika, halkara ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň, häzirki zaman gazhimiýa toplumlarynyň taslamalary, nebit we gaz ýataklarynyň, gazylyp alynýan beýleki peýdaly serişdeleriň ýerasty känleriniň özleşdirilişi barada gürrüň berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we onuň bilen bile gelen wekiliýetiniň agzalary şol gün türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň dünýä energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlarynyň gerimini giňeltmek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidir. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy has möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir.

Şonuň bilen birlikde, tebigy gazyň düýpli gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns berilýär, soňky ýyllarda birnäçe iň häzirkizaman gazhimiýa toplumlary ulanylmaga berildi, şolaryň hatarynda Gyýanlynyň polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan EСO-93 kysymly sintetiki, ekologiýa taýdan arassa benziniň senagat möçberinde önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar. Ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürýän şeýle kärhanalaryň ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýetilen sepgitler, toplumyň uglewodorod känlerini özleşdirmek, gazyp almak, gaýtadan işlemek hem-de nebiti we tebigy gazy ibermek bilen meşgullanýan toplumyň esasy düzüm bölekleri hem-de kärhanalary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň işewürler toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler  geçirildi, şolaryň dowamynda täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary anyklaşdyryldy.

Başga makalalar
16213368c5d4c9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.


164abe48ce80f0.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy

Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.


1669e8e2d79f3b.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.


168258238a10cf.webp
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.


16826dbbec67a1.jpg
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi

Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.