«Türkmenhimiýa» DK-nyň garamagyna iki sany gazhimiýa zawody geçirildi
15:47 14.07.2021 24169
Gyýanlydaky polimer zawody we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna berilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bellenilişi ýaly, «bu karar Gyýanlydaky polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işini gowulandyrmak hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin kabul edildi.
Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.
Подписав соответствующее Постановление, глава государства поручил руководителям вышеназванных концернов в короткие сроки оформить все документы по приёму-сдаче данных предприятий.
Киянлинский полимерный завод построен корейскими компаниями LG International Corp, Hyundai Engineering, японской TOYO Engineering Corporation совместно с ГК «Туркменгаз» и сдан в эксплуатацию в октябре 2018 года. Газохимический комплекс рассчитан на переработку 5 миллиардов кубометров природного газа для производства 386 тысяч тонн полиэтилена и 81 тысячи тонн полипропилена в год.
Ахалский завод по производству бензина из газа открыт в июне 2019 года. Этот крупный объект рассчитан на переработку 1 миллиарда 785 миллионов кубометров «голубого топлива» и производство 600 тысяч тонн бензина марки ЕСО-93, соответствующего стандарту EURO-5, а также дизельного топлива и сжиженного газа в год.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.