Ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,1% artdy

15:55 14.07.2021 7802

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2568/original-160eebe8ad158c.jpeg

2021-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Türkmenistanda jemi içerki önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 göterim artdy. Bu barada wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow geçen anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi.

2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy. Ýanwar — iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemledi. Prezident döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsiri dowam edýär. Muňa garamazdan, statistik maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetiň netijeli çäreleri görýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutany belledi.

Ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty goldanylýar, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi barha artýar. Häzirki döwürde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Bir million 400 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalyp alyndy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasat hem bellenilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär diýip, türkmen Lideri belledi.

Ýurdumyzyň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu meseleler we ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwürde ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, Prezident belledi.

Esasy zat bolsa bilim ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişde goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýokary girdejili döwletleriň hataryna üstünlikli geçen ýurtlaryň öz bilim ulgamyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýberendigini halkara tejribe görkezýär. Hökümetiň bilim babatda strategik işleri çaltlandyrmagy we amala aşyrmagy Garaşsyz döwletimiziň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýete goşulmagy üçin esas döreder diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hususylaşdyrmagyň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki desgalary goşmaly diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow paýnamalaryň ýerleşdirilmegini, gazna bazarynyň we açyk bäsleşikli söwdalaryň guralmagyny hususylaşdyrmagyň esasy usullary hökmünde kesgitledi.

Türkmen Lideri çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.