Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi önümçiligiň möçberlerini düýpli artdyrýar
18:24 13.08.2021 7539
Lebap welaýatynyň Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça önümçilik müdirliginiň işgärleri Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şu ýylyň ýedi aýynda önümçilik meýilnamasyny 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,8% ýerine ýetirip, 44 müň tonna töweregi suwuklandyrylan gaz öndürdi.
Müdirlik Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin çig mal bolan gaz kondensatynyň takmynan 36 müň 600 tonnasyny öndürdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende onuň önümçiliginiň ösüş depgini 139,5%-e deň boldy.
Müdirlik tarapyndan Naip we Bagaja gaz ýataklarynda öndürilen suwuklandyrylan gazyň esasy bölegi eksport edilýär. Eksportyň mukdary hem 2020-nji ýyldakydan ýokarlandy.
Häzirki wagtda taýýar önümleri saklamak, olary ugratmak we daşamak boýunça müdirlik tarapyndan birnäçe işler amala aşyrylýar. Geçen döwürde Gazojak şäherinde suwuklandyrylan gazy kabul etmek we ibermek üçin niýetlenen demir ýol we awtoulag ýük desgalarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy boýunça gurluşyk we gurnama işleri geçirildi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.