Aşgabatda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

11:53 04.09.2021 6532

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2854/original-16131c11f78981.jpeg

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Döwlet ministri Edzima Kiýosi bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň esasylarynyň biri bolup durýandygy hem-de ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygy bellenildi. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň hem aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.