Hoşallyk maslahaty geçirildi

13:52 04.09.2021 15650

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2856/original-1613333d8e5eb7.gif

Şu gün — 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky  halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çuň mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli bilim, ylym ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli bilim, ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, okuw-terbiýeçilik işiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde türkmen ýaşlary dünýä derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýärler. Bular dogrusynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary Bezirgen Berdiýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky  halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewanyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýasynyň müdiri Hatyja Çopanowanyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradowyň we beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlarynda giňişleýin bellenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.