«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi
14:33 08.09.2021 10117
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda barha ösüşleriň täze belentliklerine çykýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny sowgatly garşylamak ugrundaky asylly maksat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň her birinde zähmet joşgunyny emele getirdi. «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylary hem halkymyzyň baş baýramynyň öň ýanyndaky günlerde her bir iş gününi üstünlikli jemleýärler.
Olaryň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmalary esasynda Mary welaýatynyň obalarynda hem-de şäherlerinde ýokary we orta basyşly gaz geçirijilerini gurmak boýunça ýerine ýetirýän işleri möhüm ähmiýete eýedir.
Gaz gurluşykçylar Milli maksatnama esasynda ýokary hem-de orta basyşly gaz geçirijilerini gurmak, ozaldan ulanylýan gaz geçirijileriň durkuny täzelemek, abatlamak boýunça bellenilen meýilnama laýyklykda, şu ýylyň geçen ýedi aýynda umumy uzynlygy ýigrimi dört müň ýedi ýüz segsen metr bolan gaz geçirijilerini gurup, degişli ýerlerde durkuny täzeläp, abatlap, dokuz million ýedi ýüz ýigrimi sekiz müň manatlyk gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirdiler. Munuň özi obalaryň ençemesiniň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna ýardam berdi.
Gazçylar şu ýylyň başyndan bäri welaýatyň Ýolöten etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde bir müň on alty metr, Türkmengala etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginde bir müň alty ýüz segsen üç metr, Wekilbazar etrabynyň Goňur daýhan birleşiginde bir müň dokuz ýüz bäş metr uzynlygy bolan gaz geçirijileri gurdular hem-de ozaldan ulanylýan gaz geçirijileriň durkuny täzelediler.
Munuň özi şol obalaryň ýaşaýjylarynyň begenjini hem-de buýsanjyny artdyrdy. Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gazyň hözirini görýän bagtyýar raýatlaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýar.
Täzelikde ülşüň hünärmenleridir işçileri welaýatyň Murgap etrabynyň Gylyç Sähetmyradow geňeşliginiň obalarynda uzynlygy üç müň üç ýüz metr bolan ýokary basyşly gaz geçirijisiniň durkuny täzeläp, ulanmaga berdiler.
— «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan gerekli turbalar, beýleki materiallar bilen bökdençsiz üpjün edilip durulmagy biziň şu gaz geçirijiniň durkuny täzelemek işlerini bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirmegimize mümkinçilik berdi. Bu işde aýry-aýry gaz gurluşykçylarymyz has tapawutlanyp zähmet çekdiler. Olardan ýokary hünär derejeli elektrik we gaz bilen kebşirleýjilerimiz Annageldi Hojaberdiýew, Döwran Ataýew, slesar Akmyrat Baýramgulyýew, awtokranyň sürüjisi Rejep Aýdogdyýew, mehanizatorlar Allamyrat Gurbanow, Sapargylyç Annaýew dagynyň atlaryny görkezmek bolar.
Biz häzirki günlerde welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň «Döwletli» maldarçylyk hojalygynda hem-de Tagtabazar etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginde orta we ýokary basyşly gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini ýokary depgin bilen alyp barýarys. Nesip bolsa, şol işleri ýakyn günlerde doly tamamlarys. Bu bolsa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna biziň zähmet sowgadymyz bolar — diýip, Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmeni Borjak Hommadow gürrüň berýär.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.