Bäsleşigiň jemi jemlenildi

10:57 20.09.2021 7250

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2943/original-1614822e51d3e5.jpeg

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, yglan edilen «Nurly şuglasyny saçyp äleme — Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasyna degişli toplumyň düzümleriniň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ösüşlerini, rowaçlyga beslenýän halkara abraýyny, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda gazanylan belent sepgitleri, häzirki wagtda eýelenýän nusgalyk zähmet görkezijilerini beýan edýän makalalary, fotoreportažlary, goşgulary çap edip, okyjylara ýetirmek maksady bilen nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda yglan edilipdi. Geçen döwürde bäsleşige gatnaşan awtorlaryň döredijilik işleri yzygiderli neşir edildi. «Nebit-gaz» gazetiniň açylan döwründen bäri Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan toplumyň iri pudaklary bilen bilelikde guramaçylykly geçirilýän şunuň ýaly bäsleşikler okyjylary höweslendirýär we döredijilige ruhlandyrýar.

Bu sapar geçirilen bäsleşige hem nebitgazçylaryň ençemesi işjeň gatnaşdy. Olaryň arasynda gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklan täze awtorlaryň hem bardygyny bellemelidir. Her niçik-de bolsa ýaryşyň özüne mahsus aýratynlyklary, şertleri, düzgünleri bolýar. Şol şertlere laýyklykda, has tapawutlananlar ýüze çykarylyp, dabaranyň dowamynda ýeňijiler yglan edildi. Netijede, «Nebi-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň web-saýtynyň uly hünärmeni Penji Hudaýgulyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy hünärmeni Güller Orazowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Seýilbaý Sopyýew 1-nji orny, «Türkmengaz» döwlet konserniniň esasy hünärmeni Mähri Mämmedowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň burawlaýyş bölüminiň guýulary ýuwuş we berkitme erginleri laboratoriýasynyň inženeri Merdan Durdyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Myratmuhammet Myradow 2-nji ýeri, «Nebit-gaz» gazetiniň gazet düzüjisi Ata Ataýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Orazsähet Baýramow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri Eziz Annataganow 3-nji orny eýeledi.

Döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazanan ähli ýeňijiler Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan guramaçylaryň gymmatbaha sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly, belent heňde ýaňlanan aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspy ýetirildi. Uly ruhubelentlikde şatlyk-şowhuna beslenip geçen döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli redaksiýanyň işgärlerine Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Halkymyzyň ýagşy niýetlerde baýramçylyk ruhuna beslenýän günlerinde, kalbyňy ganatlandyrýan şatlykly pursatlarda ýeňijileri sylag-serpaýlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara geljekde hem üstünlik arzuw edýäris.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.