Mary welaýatynyň gaz geçirijilerini abatlamak işleri alnyp barylýar

12:09 23.09.2021 7079

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2969/original-1614acdeca5e45.jpeg

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça müdirliginiň gurluşykçylary we gurnaýjylary bu sebitiň şäherlerinde we obalarynda orta we ýokary basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygyny ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirýärler. Şu ýylyň ýedi aýynda gurluşykçylar tarapyndan uzynlygy 24 müpp 780 metrlik gaz geçirijisi guruldy, hereket edýän gaz geçirijileriň birnäçe ýerlerinde düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.

Ýakynda Murgap etrabynyň obalarynda müdirligiň hünärmenleri abatlaýyş işlerinden soň, uzynlygy 3300 metr bolan ýokary basyşly gaz geçirijisini ulanyşa girizdiler. Ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 9 mln 728 müň manada barabar boldy.

Material-tehniki taýdan öz wagtynda üpjünçilik öňde goýlan wezipeleri gysga wagtda ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda «Marygazüpjünçilik» müdirligi zerur bolan turbalary we materiallary üpjün etmeklige uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.