Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
09:31 30.09.2021 6811
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.
Işewür türkmen Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady we döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, ýurduň we halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň işewürligi alyp barmak we maýa goýum üçin ähli zerur şertler üpjün edilen hem-de sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Toplumlaýyn energetika strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň täzeçil tehnologiýalary esasynda gaýtadan işleýän senagatyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugradylmagyny möhüm ugur edinýär.
Duşuşygyň dowamynda ugurdaş taslamalary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň Goturdepe käninde alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen Lideri Karara gol çekdi. Resminamada “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu kompaniýa bilen tebigy uglewodorod käniniň gündogar böleginde 3D, şeýle hem “Günorta Burun” meýdançasynda 2D gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşmagy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Igor Burkinskiý döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlejekdigini nygtady.
Işewür bildirilen ynam üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etjekdigine we öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.