Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy

14:34 12.10.2021 15637

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3085/original-16163d5f179cf7.jpeg

9-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar.

Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar iki ýurduň energetika, gazhimiýa we özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan beýleki ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň aýratyn netijeliligini beýan etdiler. Türkmenistanyň we BAE-niň bu ulgamlardaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilip geçildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni «EKSPO-2020» Sergi toplumyna tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, Ýakyn Gündogar sebitinde geçirilýän häzirki global ölçegli görkeziş Ýer ýüzüniň ösüşiniň hatyrasyna dürli ýurtlaryň we halklaryň ählumumy birleşmesiniň zerurlygyny öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny gözden geçirdi.

«Ykjamlylyk» bölüminde ýer alan Türkmenistanyň milli pawilýony «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýan pawilýonlardan özboluşly tapawutlanmak bilen, ol «Ahalteke bedewleri bilen medeniýete syýahat» şygary astynda geçýändir. Pawilýonyň içerki bezegi hem ýurdumyzyň milli şygaryna doly laýyk gelýändir.

Milli pawilýon bilen tanyşlyk wagtynda bu ýere ýygnanlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen pawilýony bilen tanyşlyga gatnaşyjylaryna ýurdumyzyň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ýokary görkezijilerini giňişleýin beýan etdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de BAE-niň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny beýan edýän Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi pawilýonyna gelip dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen hem tanyşdy.

Sergi bilen tanyşlygyndan soňra, Döwlet Baştutanymyz «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezine tarap ugrady. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler we onuň has belent derejelere yzygiderli çykarylýandygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşler şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda, hususan-da iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine gönükdirilen ykdysadyýet, maýa goýum we ösüş ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň giňişleýin toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna hem gol çekildi.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.