Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

21:09 16.10.2021 6351

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3112/original-161691a38af3e0.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde penşenbe güni öz işine başlan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy.

BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň 2016-njy ýylyň noýabrynda hut Aşgabatda geçirilendigini hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapynyň teklip eden möhüm çäreleriniň biri bolandygyny ýatlatmalydyrys.

Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýuk daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilendigini ýatlatdy.

Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, şeýle maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygyna ünsi çekdi. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsir etdi. Hut şol sebäpli-de, olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýlekilerden kyn boldy.

Bu gün dünýä bileleşigine BMG, halkara edaralar arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermek, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermek wajypdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi guramagy meýilleşdirýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisini we halkara edaralary bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyryp, öňümizdäki maslahatyň guramaçylarynyň biri hökmünde türkmen tarapynyň islendik çuň many-mazmunly başlangyçlara, tekliplere we maslahatlara açykdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleriň zerurdygyny nygtady.

Biziň pikirimize görä, BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak munuň üçin oňaýly şertleri döreder diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.