Nebitiň bahalary ýakynda gymmatlamadan soň, arzanlap başlady, Brent – 85,68
15:01 22.10.2021 31830
21-nji oktýabrda söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary arzanlap başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Brent söwda belgili nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 85,68 dollara barabar boldy, bu bolsa deslapky sessiýanyňkydan 0,16 göterim aşakdyr. Deslapky söwdalaryň netijesi boýunça bahalar 85,82 dollara barabardy.
WTI söwda belgili nebitiniň bahasy NYMEX biržasynda 83,41 dollara ýetip, 0,01 göterim aşaklady. Deslapky söwdalarda ol 83,42 dollardan satyldy.
Deslapky söwdalaryň barşynda ABŞ-nyň ýangyç ätiýaçlyklary baradaky maglumatlar bahalara goldaw berdi. ABŞ-da nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary geçen hepdede 431 müň barrel azalyp, 426,54 mln barrele ýetdi diýip, energetika ministrligi habar berdi. Benzin ätiýaçlyklary 5,368 mln barrel azalyp, 217,74 mln barrele ýetdi.
Gazagystanly senator Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegi teklip edýär
Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek gerek. Senatyň deputaty Suindik Aldaşew şeýle pikir edýär. Muny Interfaks – Gazagystan habar berýär.
OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, «Brent» 65,58 dollara ýetdi
Duşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar. Şeýle hem şu hepdede nebit bazary OPEC+ ýurtlarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap nebit çykarylyşynyň derejesi baradaky täze çözgütlerine garaşýar, diýip Interfaks habar berýär.
Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Oil prices rise ahead of OPEC+ meeting, Brent rose to $65.58 per barrel
Oil prices are rising on Monday, the market is awaiting new decisions by the OPEC+ countries this week regarding production levels from April 2021, Interfax reports.
Узбекистан к 2030 году запланировал нарастить добычу газа втрое - до более 150 млрд куб. м
Москва. 6 мая. - "Узбекнефтегаз" планирует к 2030 году нарастить добычу природного газа втрое - до более 150 млрд куб. м, газового конденсата - вдвое, до почти 3 млн тонн.