Müsüriň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy
10:05 04.11.2021 6101
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Bu çakylyk Müsüriň Prezidentiniň Türkmenistanyň Baştutanynyň adyna iberen hatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Baştutanyny we doganlyk türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Müsüriň Prezidenti ýurdumyza mundan beýläk hem gülläp ösüş arzuw etdi.
«Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyzyň bähbitlerine dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň Alyhezretiňizi Kair şäherine sapar bilen gelmäge çagyrmagy özüme mertebe hasaplaýaryn.
Size sarpa goýýandygymy beýan etmek bilen, Müsür Arap Respublikasynda Siziň bilen duşuşmaga umyt edýärin» -diýlip hatda aýdylýar.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.