Glazgodaky sammitde dünýä Liderleri 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% azaltmagy ylalaşdylar
09:22 05.11.2021 5421
Sişenbe güni COP26 ekologiýa sammitinde Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki başlangyjyny öňe sürdüler. Bu barada Interfaks habar berýär.
Ählumumy borç 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% çäklendirmäge gönükdirilendir. 100-den gowrak döwlet bu başlangyja goşuldylar diýip, BBC News habar berýär.
Ýewrokomissiýanyň ýaşlygy metany bug gazlarynyň bir görnüşi diýip atlandyrdy, onuň zyňyndylaryny ählumumy maýlama hadysasynyň öňüni almak üçin çäklendirip bolar. Ursula fon der Lýaýen metany «agaçyjyň aşaky şahasynda sallanyp duran miwe» diýip atlandyrmak bilen, ony ýetip boljak maksat hökmünde belledi.
Ählumumy maýlama hadysasynyň öňüni almak boýunça esasy ugur adam işjeňligi netijesinde bölünip çykýan kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny çäklendirmek bolup durýar, emma metanyň aýry alnan malekulalary CO2 bilen deňeşdireniňde atmosfera has güýçli zyýanly täsir edýär.
Öň dünýä liderleriniň 100-den gowragy 2030-njy ýyla çenli agaçlaryň çapylmagynyň öňüni almagy wada etdiler. Bu ylalaşyk Howa boýunça Glazgoda geçirilýän sammitiň çäklerinde gazanylan ilkinji iri ylalaşyk boldy. Bu karary goldap çykyş eden döwletleriň hatarynda — Braziliýa, Russiýa, Kanada, Kolumbiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa we Indoneziýa bar. Bellenilişi ýaly, bu döwletleriň paýyna dünýäniň tokaýlarynyň 85%-i düşýär.
Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwalaýyn konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 26-njy maslahaty Glazgoda 31-nji oktýabrda başlady we 12-nji noýabra çenli dowam eder. Çärä 200-den gowrak döwletiň wekilleri gatnaşýar.
COP26 maslahaty planetanyň geljegi, ählumumy maýlama hadysasynyň depginlerini peseltmekde bilelikdäki we milli hereketler dogrusyndaky geňeşmeler boýunça dünýä liderlerini we görnükli döwlet işgärlerini jemledi.
Sammitde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow wekilçilik edýär.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak üçin anyk çäreleri durmuşa geçirip hem-de bu adamzat ähmiýetli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öz goşandyny goşmaga ymtylyp, ekologiýa meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmäniň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.