Nebit OPEC+ ýygnagyndan öň arzanlamagyny dowam edýär, Brentiň bahasy 84 dollar
10:03 04.11.2021 5126
Etalon söwda belgili nebitleriň bahasy penşenbe güni geçirilmegine garaşylýan OPEC+ ýygnagynyň öňýanynda arzanlamagyny dowam edýär diýip, Interfaks MarketWatch-e salgylanyp habar berýär.
Ylalaşyga gatnaşýan agza ýurtlaryň käbirleri özlerinde nebit çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýarlar. Şonuň üçin hem olar «önümçiligi artdyrmaga çagyryşy goldamaýarlar» diýlip Zaner habarynda aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, «Saud Arabystany we Yrak önümçiligi artdyrmak boýunça ägirt uly kuwwata eýedir» diýip kompaniýanyň analitikleri belleýär.
Bilermenleriň pikiriçe, OPEC+ agzalary oktýabr aýynda önümçiligi rugsat berlen maksimuma çenli artdyryp bilmedik bolmaga çemeli.
«Nebiti esasy sarp ediji ýurtlar tarapyndan ýokarlanyp gelýän basyşa garamazdan — ABŞ bilen Hindistandan soň Ýaponiýa hem önümçiligi artdyrmaga çagyrýar. Emma OPEC+ bu ädime taýýardygyny aňladýan hiç hili alamaty görkezmeýärler» - diýip, Commerzbank-yň analitigi Karsten Friç belleýär.
Brent nebitiniň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 0,8 göterim arzanlap,, 84,04 dollara barabar boldy. Sişenbe güni olaryň bahalary 0,01 dollar arzanlap, 84,72 dollara barabar bolupdy.
WTI nebitiniň bahalary Nýu-Ýork haryt biržasynda 1,25 göterim arzanlap, 82,86 dollara barabar boldy. Geçenki sessiýanyň netijeleri boýunça olaryň bahalary 0,2 göterim arzanlap, 83,91 dollara deň bolupdy.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.