Türkmenistanda ýanwar-oktýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 % boldy
10:29 09.11.2021 13653
2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wise-premýeriň şeýle hem habar berşi ýaly, 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny hem-de emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça garaşylýan görkezijileri seljermegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere gurluşyk we nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň işini güýçlendirmek üçin bu pudaklaryň işgärleri bilen maslahat geçirmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreleriň geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutany maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, maýa goýumlary köpräk çekmek we bu ugurda tutanýerli işlemek, ilkinji nobatda, döwlet çykdajylarynyň möçberini we netijeli bolmagyny gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny belledi.
Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar.
Her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy bolmalydyr. Gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermeli diýip, türkmen Lideri belledi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.