Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa-Koreýa» forumynyň gün tertibini maslahatlaşdylar
09:25 22.11.2021 6231
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýon telefon arkaly söhbetdeşliginde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Gepleşigiň barşynda Ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça geçirilýän yzygiderli gatnaşyklaryň muňa oňyn itergi berýändigi hem nygtaldy.
Hususan-da, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň, şeýle-de «Merkezi Aziýa-Koreýa» köptaraplaýyn formatyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň ähmiýeti hem bellenildi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.