«Agarguýy» täze gaz ýatagy ulanyşa girizildi
17:39 08.12.2021 8444
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulanyşyndaky gaz ýataklarynyň sanawy «Agarguýy» ýatagy bilen ýetirildi. Ýakynda bu ýerde iki sany guýy burawlanylyp, olardan gymmatly uglewodorod akymy alyndy.
Bu giň gerimli işler «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirildi.
«Malaý» iri gaz käniniň golaýyndaky geljegi uly meýdançada ýerleşen guýularyň buraw işlerini «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawçylary ýerine ýetirdiler. Ony senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly işleri «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri durmuşa geçirdiler.
Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagyndan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine her günde 300 müň kub metrden gowrak tebigy gaz iberilýär.
Sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün etmekde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologlarynyň işi hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagynda taslama çuňlugy 3,3 müň metr bolan ulanyş guýusynda buraw işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Buraw işlerini şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň forumlarynyň, maslahatlarynyň we sergileriniň maksatnamasy neşir edildi
Türkmenistanda her ýyl halkara derejeleri maslahatlar, forumlar we sergiler her ýyl ýokary guramaçylyk esasynda geçirilýär. "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli 2025-nji ýylda hem ýurdumyzda köpsanly forumlar, maslahatlar, sergiler guralar.
Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
23-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Üstünlik gazanýan gazçylar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.
Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi
Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler’’ atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady.