Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi
03:32 15.12.2021 5273
Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler’’ atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Milli Liderimiziň Gutlagyndaky: ,,Men pudagyň işgärleriniň ,,Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030 -njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda’’ bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn’’ diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.
Maslahatyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, ,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewa, ,,Türkmennebitönümleri’’ baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriniň müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Rahym Esenow we beýlekiler çykyş etdi.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda, nebiti we gazy çuň gaýtadan işlemek arkaly täze önümçilikleri gurmakda, öň bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmakda, täze ýataklary agtarmakda, özleşdirmekde, guýularyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, zawodlara ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, daşary ýurt kompanyýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, toplumyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şretlerini gowulandyrmakda ägrt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda hem gaz we nebit işleri netijeli alnyp baryldy. Çärede çykyş eden işgärler nebitgaz senagatynyň şu we beýleki üstünlikleri barada durup geçdiler.
Dabaraly pursatlarda önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan, ukyp-başarnygy boýunça kärdeşlerine görelde bolan nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, nebithimiýaçylaryň, hyzmat gullugynyň işgärleriniň onlarçasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty topumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, ,,Türkmengaz’’ döwlet konserni, ,,Türkmennebit’’ döwlet konserni, ,,Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ,,Nebit-gaz’’ gazeti bilen bilelikde birnäçe bäsleşikleri yglan edipdi. Şolardan
,,Arkadagyň ak mermerli şäheri,
Gözelligiňe älem aşyk Agabat!’’ atly bäsleşik paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly senesine gabatlanylyp jemlenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde bolsa
,,Nurly şuglasyny saçyp äleme --
Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime’’ atly bäsleşik jemlenilip, öz ýeňijilerini saýlapdy.
Bu günki dabaraly pursatlarda hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen ,,Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ we üstümizdäki şanly ýylyň ady bilen bagly ,,Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi.
,,Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ bäsleşiginiň jemi boýunça ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň jogapkär kätibi Atageldi Seýidow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Nazarmuhammet Nazargulyýew 1-nji orna, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazylmytaslama’’ institutynyň uly ylmy işgäri Weýis Annataganow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Sona Islamowa 2-nji orna, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Türkmengazgeofizika’’ müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmeni Wepa Hanow, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Begli Begliýew 3-nji orna mynasyp boldy.
,,Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ bäsleşiginde ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň başlygy Nurmuhammet Akmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni Ejekeýik Kurbanberdiýewa 1-nji ýeri, TNGIZT-niň ,,Kenar’’ toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy Arazgül Annaýewa, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazburawlaýyş’’ trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa 2-nji orny, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Arslan Annamyradow, Aşgabat şäherindäki 7-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň foto habarçysy Arslan Müllikow 3-nji ýeri eýeledi. Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti bilen jemlenildi.
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGÄ GATNAŞYJYLARA
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.
Prezident: Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýar, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Täjigistanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitinde eden çykyşynda nygtady.
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde dabaralar geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazar üçin nebitgaz toplumynyň önümleri satyn alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.
Türkmenistan we Italiýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.