ÝB liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, umumy ylalaşyklary gazanyp bilmediler — Mişel
12:14 19.12.2021 13127
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň Liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, emma jedeller zerarly bu mowzuk boýunça gutarnykly beýannama taýýarlap bilmediler diýip, Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişel belledi. Muny Interfaks habar berýär.
«Biz energetika boýunça ýeterlik derejede dowamly gepleşikleri geçirdik. Bu örän wajyp tema, ol öý hojalygyna, satyn alyjylyk ukybyna, şeýle hem ýewropa işewürliginiň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýär» diýip, Mmişel anna gününe geçilýän gije ÝB liderleriniň sammitiniň netijeleri boýunça metbugat maslahatynyň barşynda belledi.
«Geňeşmeleriň barşynda dürli garaýyşlar beýan edildi, şonuň üçin hem biz bu temadan gutarnykly netijeler boýunça ylalaşyk gazanyp bilmedik» - diýip ol beýan etdi.
Ýewrogeňeşde energetikany kadalaşdyrýan (ACER) Edaralaryň hyzmatdaşlygy boýunça agentlik we Gymmatly kagyzlar we howplar boýunça Ýewropa gullugy (ESMA) tarapyndan taýýarlanylan deslapky hasabatlaryň netijesinde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýakynda üýtgemegini maslahatlaşmalydy.
Hususan-da, sammite gatnaşyjylar ýewropanyň nebit serişdeleri bazarynda baha oýnatmalaryň barlygyny ýa ýoklugyny maslahatlaşmakçydylar.
Şol bir wagtda, Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam müň kub metri üçin 1700 dollardan geçdi.
Täzelenen howa çaklamasy Ýewropada geljek hepdäniň başyndan sowuk howany wada edýär: tutuş hepde temperaturanyň peselmegine garaşylýar.
«Demirgazyk akymy 2» gaz geçirijisi boýunça «mawy ýangyjyň» ibermeleriniň mundan beýläkki saklanylmagy hakyndaky täzelik hem gazyň bahalarynyň mundan beýläkki ösüşine täsir etmegi hem ahmal. Penşenbe güni Bundesnetzagentur german Federal tor agentliginiň ýolbaşçysy «Demirgazyk akymy 2» gaz geçirijisiniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda şahadatnamalaşdyrylmagyna garaşyp oturmaly däldigini belledi. Onuň pikiriçe, bu proses has köp wagt alar.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.