Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi
20:27 23.12.2021 10119
22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wekiliýetiň Nýu-Delide geçen «Merkezi Aziýa-Hindistan» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna gatnaşmagynyň jemlerini beýan etdi. Dialogyň çäklerinde bu Düzümiň guramaçylyk gurluşyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi.
Şu başlangyçlaryň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energiýa, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny birikdirýän taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny we beýleki möhüm taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin möhümdigi bellenildi.
Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Wise-premýer bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýokary syýasy derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň çäklerinde beýan eden nukdaýnazarlaryndan ugur alnyp, birnäçe esasy ýörelgelere esaslanylýandygyny aýtdy. Şol ýörelgeler syýasy ugurda täze owgan häkimiýeti bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamakdan we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ugurda möhüm ornuny berkitmekden, ýurtdaky ykdysady ýagdaýy durnukly ýola goýmak üçin, onuň ykdysadyýetini dikeltmekden hem-de ösdürmekden, şol sanda onuň energiýa, ulag we aragatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmek işine gatnaşmagyndan, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegi bermekden ybaratdyr.
Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Wise-premýer öz hasabatynda saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem aýtdy. Onda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň baş baýramy bolan Respublika güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna hindi tarapynyň uly ähmiýet berýändigi barada aýdyldy.
Wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny amala aşyrmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.
YHG-nyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna sebitdäki möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarymyz hökmünde garalýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýurdumyzyň Bitaraplygy babatda türkmen diplomatiýasynyň syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.