Türkmenistanyň Prezidenti dünýädäki iň uly «Galkynyş» gaz känine baryp gördi
16:02 05.01.2022 6307
3-nji ýanwarda 2022-nji ýylyň ilkinji iş gününde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa täzeçil usullary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan kämilleşdirmek üçin hemme çäreler görülýär. Bu bolsa “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak, gaýtadan işlemek hem-de tebigy gazy ugratmak ýaly işleriň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Döwlet Baştutany gaz käniniň edara binasynda bu sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aýratyn-da, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ylmy-barlag işleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmegini ýola goýmak meseleleri barada habar berildi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý känleri ýüze çykarmak işi ylmy çemeleşmäni talap edýär.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de iberilýän ugurlaryny köpeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Döwlet Baştutany görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. Türkmen Lideri senagatda ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ulanylmagy Garaşsyz döwletimiziň rowaçlanmagynyň bähbidi ugrundaky işlere, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip belledi. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşilmelidir. Munuň özi tebigy gazyň gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň baş şerti bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.
Bu baýlyklary türkmen halkynyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys diýip, Prezident aýtdy.
Döwlet Baştutany geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Şunda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär.
Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.
Bu strategik ulgamda giň möçberli taslamalaryň başyny başlap, olary yzygiderli amala aşyrmak arkaly, ýurdumyz sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýyna we talaplaryna kybap gelýän energiýa howpsuzlygynyň bitewi, ählumumy binýadynyň döredilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar türkmen Lideriniň bu ugurdaky netijeli başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň wajypdygyny we şolara islegleriň uludygyny tassyklaýar.
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGÄ GATNAŞYJYLARA
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.
Prezident: Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýar, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Täjigistanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitinde eden çykyşynda nygtady.
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde dabaralar geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazar üçin nebitgaz toplumynyň önümleri satyn alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.
Türkmenistan we Italiýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.