«Türkmennebit» we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar
15:21 01.07.2022 7271
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak bilen ýurdumyz dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Munuň şeýledigine 30-njy iýunda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Ozal «Dragon oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga 2000-nji ýylyň 1-nji maýynda 25 ýyl möhlet bilen gol çekilipdi, onuň möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda tamamlanýar.
«Dragon oil» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwanyň gol çekmek dabarasynyň barşynda belleýşi ýaly, täze ylalaşyga laýyklykda kompaniýa 2025-2035-nji ýyllarda uly möçberde maýa goýmagy maksat edinýär, bu bolsa çig nebitiň goşmaça çykarylýan mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň hem-de taýýar nebit we gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipelerini çözmekde gol çekilen ylalaşygyň ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda geljek 10 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, hususan-da, «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde ýataklary özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar. Häzir bu ÖPY-niň çäklerinde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak «Dragon oil» kompaniýasynyň esasy işi bolup durýar, bu ýerde kompaniýa 2000-nji ýylyň maýyndan bäri işleýär hem-de şu döwrüň içinde ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.
«Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün edýän ykdysady we hukuk şertleri döredildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş görnüşinde we beýleki ýeňillikler berilýär.
Daşary ýurtly maýadarlaryň bähbitleri, öz nobatynda, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň, eksport we üstaşyr mümkinçilikleriniň bolmagy, onuň batly depginler bilen senagatlaşdyrylmagy we ösýän bazary bilen şertlendirilendir. Netijede, türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýalarynyň paýy ýylsaýyn artýar.
Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň hem-de baş edara binasy Dubaý şäherinde ýerleşen «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.» (BAE) kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini görkezmek bolar.
Kompaniýa Hazaryň türkmen böleginde eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. 2000-nji ýylda degişli ygtyýarnamany almak bilen, kompaniýa «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde uglewodorod çig malyny gazyp almaga girişdi. Geçen döwrüň içinde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebitgaz ýataklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.
Hususan-da, bu ýerde hereket edýän ulanyş deňiz stasionar platformalarynyň durky täzelenildi hem-de täzeleriniň 5-si, ulgamlaýyn platformalaryň 3-si we ýaşaýyş toplumlarynyň 2-si guruldy. Täze guýularyň onlarçasy ulanmaga berildi. Buraw işlerinde «ELIMA», «NEPTUNE» we «Caspian Driller» ýüküni özi göterýän desgalar, şeýle hem deňiz stasionar platformalarynda gurnalan «SAKSON» we «NIS» desgalary ulanylýar.
Bulardan başga-da, nebiti toplumlaýyn taýýarlaýan we akdyrýan bölüm, çig maly saklamak üçin umumy göwrümi 1,8 million barrele deň bolan çelekleriň 14-si, mehaniki ussahanalar gurlup, olarda awtoulaglar, traktorlar, ýük göteriji tehnikalar we nebit enjamlary abatlanylýar. Deňiz suwuny süýjediji we beýleki desgalar bina edildi.
«Alaja» nebit guýulýan nokatda goşmaça nebit ammarlaryny we ýangyç geçirijileri gurmagyň hasabyna tankerleriň ikisine birwagtda ýük ýüklemek mümkinçiligi döredi, bu bolsa, kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy.
Umuman, bularyň hemmesi ýataklaryň özleşdirilmegini ep-esli çaltlandyrmaga, uglewodorodlaryň gije-gündiziň dowamynda çykarylyşyny ortaça 10 esseden hem gowrak artdyrmaga — 2000-nji ýylda bir gije-gündizde 7 müň barrelden 80 müň barrele ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu guýularyň 17-siniň (Jygalybeg ýatagynda 5-siniň hem-de Jeýtun ýatagynda 12-siniň) burawlanylmagy netijesinde gazanyldy. Şeýle hem guýularyň 6-sy düýpli abatlanyldy. Häzirki wagtda guýularyň ýene-de 3-si burawlanylýar. Kompaniýanyň Direktorlar geňeşi 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda nebit çykarmagyň durnukly derejesini bir gije-gündizde 100 000 barrel derejesinde üpjün etmegi maksat edip goýdy.
Durmuş taýdan jogapkär hyzmatdaş nukdaýnazaryndan iş alyp barmak «Dragon Oýl» kompaniýasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzir onuň desgalarynda 2200-den gowrak adam zähmet çekip, olaryň 90 göterimden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Kompaniýa ýerli işgärlere bilim bermek we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamalaryna maýa goýmak bilen, hünär taýdan ösmegi, döwrebap bilimleri we tejribe almagy üçin türkmen hünärmenleriniň öňünde täze gözýetimleri açýar.
2005-nji ýyldan başlap, «Dragon Oýl» kompaniýasy bilimi, medeniýeti, sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň 250-den gowragyny goldady.
Bularyň hemmesi daşary ýurt işewürleriniň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we oňa taýýardygyny aýdyň görkezýär, bu bolsa ygtybarly, durnukly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza bildirilýän ynamy aňladýar. Nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan halkara taslamalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
26-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilip geçildi
27-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň iň esasy baýramçylyklarynyň birini — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.