Amyderýanyň sag kenarynda üç sany käni özleşdirmek işleri başlandy
10:52 23.09.2020 10726
Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gündogar böleginiň gaz känlerini ulanyşa girizmek taslamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge başlady. Onuň çäklerinde Amyderýanyň sag kenarynda üç sany käniň — Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat känleriniň önümçilik infrastrukturalaryny gurmak işleri başlandy.
China Petroleum News neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamany Türkmenistandaky CNPC International hem-de Sichuan Petroleum Construction kompaniýalary durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň maý aýynda gol çekilen şertnama iýun aýynyň ortalarynda resmi taýdan güýje girdi. Häzirki wagtda Günbatar Joramergen käninde gazy toplaýan bekediň gurluşygy boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem gazy toplamak we ibermek üçin niýetlenilen, diametri 250 mm (DN250) bolan turba geçirijileriň 17 kilometrden gowragynda kebşirleme işleri geçirildi. Beýleki tehnologiki we inžener-tehniki desgalar gurulýar.
Belläp geçsek, taslamalary işläp düzmek we anyklamak, enjamlary we materiallary satyn almak, guramanyň potratçylary bilen şertnamalary baglanyşmak bilen bagly işleriň ählisi aragatnaşygyň dürli görnüşlerini ulanmak arkaly onlaýn görnüşinde geçirilýär.
Täze desgalarda işlemek üçin 40 sany ýerli kebşirleýjiler üçin 45 günlük okuw-türgenleşik okuwlary gurnaldy. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançalarynda 280-den gowrak hytaý we türkmen hünärmenleri zähmet çekýär.
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gündogar känlerini ulanyşa girizmek taslamasynyň birinji tapgyry geçen ýylyň güýzünde tamamlandy. Onda tebigy gazyň iti ýataklary ýüze çykaryldy. Taslamanyň çäklerinde Hojagurlyk, Gündogar Hojagurlyk we Joramergen känleriniň desgalary, şol sanda 12 sany guýy, tebigy gazy deslapky taýýarlaýyş desgasy, gaz toplaýjy beketler we beýlekiler guruldy. Olaryň önümçilik kuwwatynyň ýylda 1,7 milliard kub metre barabar bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.