Türkmen nebitçileri 8 aýyň jemleri boýunça uglewodorodlaryň çykarylyşyny artmagyny üpjün etdiler
15:00 24.09.2020 8679
«Türkmengaz» döwlet konserni nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri alyp barýar.
Şu ýylyň sekiz aýynda konsern boýunça «gara altynyň» çykarylyşy 2 mln 617 müň tonna barabar boldy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 106,2%-e deň boldy. Tebigy gazyň çykarylýan möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 415 mln kub metr artdy.
Bu netijeler alymlaryň, geologlaryň, önümçilik inžinerleriň we kärhananyň beýleki hünärmenleriniň tejribesiniň hem-de hünär başarnyklarynyň hasabyna gazanyldy. Hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit», «Keýmir», «Gumdagnebit» nebit müdirlikleri önümçilikde häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan peýdalanyp, uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyryp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etdiler.
«Nebitdag», «Körpeje», «Ekerem» we beýleki müdirlikleriň burawçylary hem uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe dag jynslaryny geçmek işi 146 müň 527 metr ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji üç esse artdy.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri hem guýularyň köp mukdarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Şol guýularyň 347-si gaýtadan ulanyşa girizildi. Gaýtadan dikeldilen guýularyň netijeliliginiň ýokarlanmagynyň hasabyna meýilleşdirilen 134,2 tonna derek, 138 müň tonna goşmaça nebit çykaryldy.
Öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy we innowasion enjamlaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň nebitçilerine hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.