«Döwletabat — Derýalyk» gaz geçirijisiniň böleginiň düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär
14:52 24.09.2020 9554
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri uzynlygy 60 km bolan Döwletabat – Derýalyk ýokary basyşly magistral gaz geçirijisiniň bölegini düýpli abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça işlerini alyp barýarlar.
BU günki gün kebşirleme işleri 60% ýerine ýetirildi. Abatlaýyş işleriniň barşynda izolýasiýa-oturtma hem-de gaz geçirijini arassalama işleri durmuşa geçirilýär. Çylşyrymly meýdan şertlerine garamazdan, tejribeli hünärmenler gaz geçirijä tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.
Kebşirleme işleri ýokary derejede gurnalýar, bu bolsa gaz geçirijiniň mundan beýläk hem bökdençsiz işlemegini kepillendirýär.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.