Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyny berkidýär
15:15 10.07.2020 4272
Sişenbe güni Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi. Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.Mundan başga-da, dünýäniň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna pandemiýanyň ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda taraplar global pandemiýanyň milli ykdysadyýetiň önümçilik ulgamlaryna ýetirýän täsiriniň azaldylmagy, iş ýerleriniň saklanylmagy we ilatyň ejiz gatlaklarynyň gorap saklanylmagy boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylan hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň birnäçesi barada nygtap geçdiler.Maslahatyň ahyrynda taraplar maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygyň beýleki dürli ugurlaryna seredip geçmäge taýýardygyny bellediler.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.