HEA nebite bolan islegiň çökgünlikden öňki derejesine dolanyp geljek möhletlerini aýtdy
10:41 14.10.2020 6912
Dünýä boýunça nebite bolan isleg 2021-nji ýylda 5 mln b/g ýokarlanar we çökgünlikden öňki derejesine 2023-nji ýylda dolanyp geler, diýlip Halkara energetika agentliginiň (HEA) World Energy Outlook 2020 her ýylky çaklamasynda aýdylýar, diýip Interfaks habar berýär.
HEA-nyň binýatlyk ssenariýesine görä, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysadyýet we söwda üçin täsirleriniň islegiň 2030-njy ýylda bir ýyl öňki çaklamadan 2 mln b/g-dan aşak boljakdygyna garamazdan, 2023-nji ýyldan soň isleg 2030-njy ýyla çenli ortaça 0,7 mln b/g derejesinde artar.
«2030-njy ýylda soň, nebite bolan isleg ygtybarly derejesine çykar, şol bir wagtda her ýylky ösüş 0,1 mln b/g çenli peseler. Ykdysadyýetiň dikeldilmegi babatda nätakyklygyň ýokary derejesi saklanyp galýar, ol binýatlyk ssenariýede göz öňünde tutulýan depginden has haýal bolup biler» diýip HEA belleýär.
HEA-nyň nygtamagyna görä, ösen ykdysadyýetli döwletlerde nebite bolan isleg ýakynda geljekde dikeldiler, emma 2030-njy ýyla çenli çökgünlikden öňki derejesine dolanyp bilmez.
Şeýlelikde, çaklanylyşyna görä, 2025-nji ýyla çenli nebite bolan isleg 2019-njy ýyldaky 97,9 mln b/g ýagdaýyndan, 99,9 mln b/g çenli, 2030-njy ýylda – 103,2 mln b/g, 2040-njy ýylda bolsa – 104,1 mln b/g ýokarlanar.
Şol bir wagtda ABŞ-da nebite bolan isleg peselip başlar: 2019-njy ýyldaky 18,5 mln b/g-den 2025-nji ýyla çenli 17,9 mln b/g, 2030-njy ýylda – 17,5 mln b/g, 2040-njy ýylda – 15,2 mln b/g çenli peseler.
Ýewropada nebite bolan isleg 2019-2040-njy ýyllar aralygynda 4,7 mln b/g aşaklap – 8,6 mln b/g düşer.
Şol bir wagtda Ýakyn Gündogarda isleg 2019-njy ýyldaky 7,5 mln b/g-den 2040-njy ýylda 10 mln b/g-e çenli ýokarlanar, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitinde bolsa, 32,5 mln b/g-den 37,9 mln b/g çenli artar.
Hindistanda nebite bolan isleg geçen ýylky çaklama bilen deňeşdireniňde, 2030-njy ýylda 0,4 mln b/g peseler, emma muňa garamazdan, Hindistan geljek on ýyllyklarda nebitiň çykarylmagynyň iň iri çeşmsi bolmagynda galar. Bu esasan awtomobil ýangyjynyň ulanylmagy netijesinde şeýledir.
Hytaý üçin çaklama hem aşaklama nukdaýnazaryndan seredildi. Ol awtomobilleriň satuwynyň peselmegini we 2025-nji ýylda täze energetiki ulaglaryň satuwy bilen şertlenendir. Hytaýda nebite bolan isleg 2030-njy ýylda iň ýokary derejesine çykar we 15 mln b/g-den çala geçer, emma muňa garamazdan, Hytaý aralyk döwürde dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolmagynda galýar, diýip HEA belleýär. Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa hem nebite bolan islegiň ýokarlanmagyna ýardam eder.
«On ýyllyklaryň dowamynda nebite bolan isleg elmydama ösüş depginini görkezýärdi. Bu depgin seýrek ýagdaýda ykdysady aşaklamalar zerarly saklanýardy. Muňa garamazdan, COVID-19 pandemiýasy nebit bazaryna görlüp-eşidilmedik möçberde täsir edip, on ýyllyk ösüşi bir ýylda ýok etdi. Ykdysadyýetleriň giň möçberlerde böwetlenmegi 2020-nji ýylyň aprel aýynda nebite bolan islegiň 20 mln b/g peselmegine getirdi, aýratyn hem ol motor ýangyjynda bildirdi. Käbir dikelme alamatlary boldy, emma awiagatnawlaryň çäklendirilmegi, uzak aralykdan işlemek düzgünine geçilmegi we elektromobilleriň durnukly satuwy nebite bolan islege güýçli täsir edýär. 2020-nji ýylda nebite ýolan islegiň 2019-njy ýyldakydan takmynan 8 mln b/g aşak bolmagyna garaşylýar» - diýip agentlik hasabatynda belleýär.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.