«OGT- 2020» XXV Halkara maslahaty Aşgabatda onlaýn görnüşde geçiriler
09:46 19.10.2020 7754
«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara maslahaty 28-29-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
OGT – 2020 her ýyl geçirilýär we ol Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam edýän abraýly işewürlik forumydyr.
Forumy gurnaýjylaryň saýtynda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň işiniň ähli ugurlaryny, şol sanda soňky gazhimiýa taslamalaryny öz içine alýan syn berler. Dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri prezentasiýalar bilen çykyş edip, toplanan tejribeleri paýlaşarlar.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Maslahatyň iki gününiň dowamynda çykyş etjekler ýangyç-energetika toplumynda dünýä ýörelgeleriniň ösüşiniň meseleleri barada pikir alşylar. Şeýle hem tejribe alyşmak hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän esasy taslamalar barada maglumat bermek üçin prezentasiýalar we panel görnüşli pikir alyşmalar gurnalar.
Şu ýylyň panel mejlisleri şu mowzuklara bagyşlanar: «Gazhimiýa toplumynda ýörelgeler», «Hazar deňziniň Türkmenistan böleginde innowasion taslamalar», Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, «Nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary» hem-de «Nebitgaz toplumynda täze maýa goýum taslamalary».
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we halkara, şol sanda Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalarynyň top-menejerleri bu mejlislere gatnaşyp, dünýä energetikasynyň we Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar.
Bu iri nebitgaz işewürlik forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik dörediler.
Halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler sebäpli, OGT-2020 hem onlaýn görnüşde geçiriler. Bu bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlara maslahatyň mejlisleriniň ählisine gatnaşmaga, şol sanda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.