Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi
16:35 27.10.2020 10107
Şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda deputatlar “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna garadylar we degişli Kanuny kabul etdiler.
2021-nji ýyl Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdiriler.
Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberini ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary bolup durýar.
Geljek ýyl obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty pudaklary okgunly ösüşe eýe bolar. Ulag-aragatnaşyk we önümçilik düzümleriniň möhüm desgalarynyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam eder.
2021-nji ýyl telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.
Şolar bilen birlikde, döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
Şeýle hem işiň esasy ugurlarynyň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalarynyň çäklerinde bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek, bazar gurallaryny özgertmegi dowam etmek wezipeleri bar.
“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyny kabul etmek barada biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama sowatly hasaplama esaslanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler kuwwaty bilen berkidildi hem-de halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, onuň abadançylygyny berkider.
Şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.
23-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi. Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär.
Indi Mejlis tarapyndan makullanan 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmäge hödürleniler.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.