BMG energiýa serişdelerini ibermekligi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýar
10:41 03.11.2020 7735
Dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmek pandemiýa garşy göreşmekde hem-de ykdysadyýeti dikeltmegiň depginini güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýär, diýip BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara forumynda belledi.
— Çökgünlik maýa goýumlary togtadyp, arassa energetika tehnologiýalarynyň ýaýramagynyň haýallamagyna howp salyp, has möhümi hem adamlaryň has elýeterli energiýa mümkinçiliklerini kynlaşdyryp, tutuş dünýä boýunça, şol sanda energiýa ulgamlarynyň ibermeleriniň zynjyryny bozdy – diýip Panowa aýtdy.
«Biz ykdysadyýetiň dikeldilmeginiň deň hukuklylyga, gatnaşyjylaryň ählisiniň gyzyklanmalarynyň hasaba alynmagyna hem-de paýhasly nyrh emele getirmeklige esaslanýan adalatly hem aýan ýörelgelerde geçirilmelidigi baradaky Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýarys. Energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — bu maksada ýetmegiň möhüm ugrudyr» diýip Panowa aýtdy.
Diplomatyň nygtaýşy ýaly, «şu maksat bilen Türkmenistan energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi boýunça halkara gepleşikleriniň üsti bilen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly hem durnukly iberilmegine babatda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu gepleşikleriň netijesinde 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly iki sany Kararnama kabul edildi».
— Türkmenistan ýörite edaranyň — BMG-niň Energetika geňeşiniň, şeýle hem Energetika howpsuzlygy boýunça BMG-niň bilermenler toparyny döretmäge çagyrýar.
«Hemişelik bitaraplyk — Türkmenistanyň milli syýasatynyň ägirt uly gazanany bolup, ol halkara gatnaşyklarynda möhüm şerte öwrüldi» diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.