Ilkinji wirtual sergide Türkmenistanyň önümçilik we senagat mümkinçilikleri hödürlenildi
10:44 03.11.2020 8020
Ýekşenbe güni, 1-nji noýabrda Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Serginiň maksady — gazanylýan üstünlikleri beýan etmek, netijeli mahabat çärelerini guramak, ygtybarly hyzmatdaşlary ýüze çykarmak, täze şertnamalary baglaşylmak, bazaryň meýillerine we öz mümkinçilikleriňe göz ýetirmek.
Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ilkinji internet-sergini guramak 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat işini ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär.
Internet-sergini (https://virtualexpo.gov.tm) salgy boýunça synlap bolýar. Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýändigini aýratyn bellemeli.
Sergide 50-den gowrak gatnaşyjylar bar, olaryň diwarlyklary önümler hem-de hyzmatlar barada doly maglumaty özünde saklaýar. Her bir diwarlykda wideoşekil, maglumat beriji buklet hem-de onuň eýesiniň maglumaty berilýär.
Hususan-da, internet sergisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary hem mynasyp orun aldy. Olaryň hatarynda — «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy», «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bar. «Türkmengeologiýa» DK geologik gullugyň önümçilik hem tehnologik mümkinçiliklerini hödürleýän wideoşekil ýerleşdirdi.
Öň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda «Wirtual sergi» — üstünlikleri beýan etmek, netijeli mahabat çäresi, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmak, täze şertnamalary baglanyşmak, bazaryň ýörelgelerini we öz mümkinçilikleriňi bahalandyrmak üçin oňat mümkinçilik diýip belledi. «Şular ýaly sergileri guramak üçin innowasion tehnologiýalary has işjeň çekmeli» diýip döwlet Baştutany belledi.
Wirtual sergä noýabr aýynyň dowamynda girip görmek elýeterli bolar.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.