Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Ýekşenbe güni, 28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan esasy baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Şanly sene mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bu ajaýyp baýramyň hormatly myhmany boldy.

Döwlet Baştutany we hormatly myhman dabara geçirilýän wagtynda ussat senetçileriň, çeper elli zenanlaryň şäherjigine öwrülen toplumyň çägine bardylar. Folklor toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow özleri üçin niýetlenen ýere geçip, baýramçylyk at çapyşyklaryny synladylar. Çapyşyklarda maliýe, nebitgaz, söwda, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlarynyň baýraklary ugrunda bäsleşildi. Ýedinji çapyşykda bolsa baş baýrak – Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy we göçme kubok goýuldy.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993