Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Azerbaýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmegiň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigini nygtady.
Çäräniň barşynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns çekdiler.
Aýdylanlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi nygtaldy.