TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy, awiaýangyç we binýatlyk ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy, awiaýangyç we binýatlyk ýerlenildi

2-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa pudagynyň, şeýle hem oba hojalyk we ýeňil senagat toplumynyň önümleri ýerlenildi.

Hususan-da, bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" şepbeşik nebit ýol bitumy we "Jet A-1" kysymly awiakerosini, Türkiýe Döwletiniň, Gyrgyzystan Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan arassalanmadyk geçi ýüňüni, "Flanel" taýýar düşekçe toplumyny we dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümlerini, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1,5 million manada we 1mln 915 müň ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993