Iýun aýynda Arkadag şäherinde känleri işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler

Iýun aýynda Arkadag şäherinde känleri işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler

2024-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Arkadag şäherinde geçiriljek “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahata (TESC 2024) gatnaşyjylary hasaba almaklyk başlandy. Bu barada guramaçylaryň saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Turkmen Forum we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Duşuşygyň dowamynda esasy üns uglewodorodlary işläp taýýarlamakda we energetiki geçişde daşky gurşawa zyňyndylary azaltmaklyga gönükdiriler.

Maslahaty geçirmegiň maksady türkmen döwlet edaralary bilen işi daşky gurşawy goramaga we ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, akademiki jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybarat.

Türkmenistan ekologiýa meselelerine aýratyn üns berýär, hususan-da, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamakda metan we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny azaltmaga ähmiýet berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, energetika jemgyýetleriniň ýokary ýolbaşçylary, şeýle hem halkara institutlarynyň we barlag merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Maslahatlaşmak üçin esasy mowzuklaryň hatarynda:

• Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda energetika geljegi, täze tehnologiýalar we ekologiýa jähtleri;

• Täze tehnologiýalar we energetiki geçiş: geljege garaýyş;

• Uglewodorodlary çykarmakda metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak we monetizasiýa;

• Ekologiýa maliýeleşdirmesiniň täze mümkinçilikleri we arassa energetikany ilerletmek.

Maslahata gatnaşjak belli kompaniýalaryň hatarynda CNPC, BP, ExxonMobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl; halkara guramalardan Halkara energetika agentligi (IRENA), Ählumumy gaz merkezi, Gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumy, Inžener-nebitçileriň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretarlygy bar.

Mejlisler we panel diskussiýalarda köpsanly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri we Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar.

Maslahata we işewür duşuşyklara gatnaşmaklyk wekilleriň energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we energetika ulgamyny ekologiýa taýdan arassa energiýa öwürmekde diwersifikasiýalaşdyrmakda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmagyna ýardam eder.

Maslahat däp bolan görnüşde bolşy ýaly, onlaýn formatda hem geçiriler. Aşgabada geljek ähli wekillere wiza goldawy berler. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar ýokary derejede guralar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993