Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdäki orunlarda ýerleşýär diýip, Global petrol Prices portaly (GPP) habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 29-njy apreldäki ýagdaýa görä, Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bir litriniň bahasy 0,28$.
Türkmenistandan soň, reýtingde Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýerleşýär. GPP reýtingine görä, Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça dünýäde ýedinji orunda ýerleşýär.