Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Weteranlary gutlamaga häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harbylar we ýaşlar geldi.

Weteranlaryň ählisi ýaşuly nesil babatda çäksiz aladasy üçin döwlet Baştutanyna sagbolsun aýtdylar.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan ähli weteranlara pul baýraklaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda karara gol çekdi.

“Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi” diýlip kararda aýdylýar.

3-nji maýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Aşgabatda we welaýatlarda Ýeňiş güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993