Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Degişli resminama habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Maksatnamanyň taslamasyny 10-njy maýda döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer N.Amannepesow hödürledi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu Maksatnamanyň esasy maksadydyr.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.