TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 268 müň manada deň bolan polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny satyn aldylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993