Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

14-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna başgyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Forum Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti  we ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala özara gatnaşyklaryň netijeleri we geljegi barada çykyş etdiler.

Ähtnama  gol çekişmek dabarasynda,  Türkmenistan Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň we “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2027-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, halkara bilermenleri, sebit taslamalarynyň ýolbaşçylary we ş.m. gatnaşdylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993