14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady. Munuň özi Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyzda alyp barýan netijeli işlerinde öz beýanyny tapýar.
Ýaponiýanyň iri kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli işläp gelýärler. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, myhman bu döwrebap kärhanada öndürilýän ýokary hilli, ekologik ölçeglere laýyk gelýän benzine daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýändigini belledi.
Ýurtlarymyzyň uly kuwwaty nazara alnanda, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlar açylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hususan-da, “akylly” şäherleri taslamalaşdyrmak, gurmak we dolandyrmak babatda tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler bar.
Pursatdan peýdalanyp, jenap Endo Toşiaki Gurbanguly Berdimuhamedowy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.