Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary wagtynda tassyklady. Öňküsi gün, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy.
Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň umumylygyna, dinimiziň birligine, birek-birege hormat goýulmagyna hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklapdyrlar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gatnaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlady. Şol saparyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi.
Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.