Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Gidro Plýus” dizel ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy.
Täze thnologiýany himiýa ylymlarynyň doktory Myratdurdy Keýmirowyň ýolbaşçylygyndaky «Nebit-gazyň himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň alymlary we hünärmenleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde işläp düzdüler.
Dizel ýangyjy alymlaryň öndürijiler bilen hyzmatdaşlykda işläp düzen tehnologiýasy esasynda öndürilende, alynýan önümiň möçberi 15% artýar we hili ýokarlanýar. Önüm ähli möwsümlerde ulanmak üçin kämilleşdirilipdir, netijede ol özüni ulanýan enjamyň içinden ýandyrylýan hereketlendirijisiniň ömrüni uzaldýar.
Alymlar tarapyndan teklip edilen usulda öndürilen ýangyç düzümi we hil aýratynlyklary boýunça, döwlet tarapyndan şunuň ýaly önüme bildirilýän hil standartynyň talaplaryna laýyk gelýär.