Ankara we Baku Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermegi ylalaşdylar

Ankara we Baku Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermegi ylalaşdylar

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarow 14-nji maýda Stambulda Tebigy gaz ulgamynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TRT türk ýaýlymy habar berýär.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Baýraktar metbugat maslahatynda çykyşynda gol çekilen resminamada Azerbaýjandan we Hazar sebitinden Türkiýä, şeýle hem Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa goşmaça gaz möçberlerini ibermegiň göz öňünde tutulandygyny belledi.

“Mundan başga-da, biz Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermegi ylalaşdyk” – diýip, ministr belledi.

Baýraktar şeýle hem iki ýurduň bilelikde köp sanly taslamalary durmuşa geçirendigini, şol sanda Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisini gurandygyny aýtdy. Bu geçiriji azerbaýjan nebitini, şeýle hem Hazar sebitinden we Kawkazdan nebiti Türkiýä we onuň üsti bilen dünýä çykarmaga ýardam edýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993