18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutany Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy. Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdular.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.
Şol gün agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.